BIOKÖPDÜRLILIGIŇ ESASY ÇÄKLERINI SAKLAMAGYŇ HYZMATDAŞLYK GAZNASY (CEPF)

суза

Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasy (CEPF) – çökgünlik ýagdaýynda bolan ekoulgamy saklamak üçin jemgyýetçilik guramalaryna, işjeňlere maliýeleşdirmäni we tehniki ýardamy üpjün edýän bütindünýä maksatnamasy. Gazna 2000-nji ýylda esaslandyryldy.

Gazna ösýän ýurtlarda we geçilýän ykdysadyýetli ýurtlarda adamlara dünýä bioköpdürliligiň – biologiki serişdelerine baý, muňa garamazdan adamzat üçin durmuş wajyplygy bolan ekoulgamyň ýitmek howpy astynda duran gyzgyn nokatlaryny goramaga mümkinçilik berýär.

Höweslendirmeleri Raýdaşlyk jemgyýetlerine täjirçilik däl guramalaryna, hususy pudaga we akademiki guramalara bermek bilen, CEPF ýerli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikde işlenip taýýarlanan saklama strategiýasyny amala aşyrýar. Bu maýa goýumlar wajyp, sebäbi gyzgyn nokatlar garyplaşan we ýaşamak üçin örän tebigata bagly bolan millionlarça adamlar üçin öý bolup durýar.

Gazna fransuz Ösüş Agentliginiň, Tebigaty goramagyň halkara guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä ekologiki gaznanyň, Ýaponiýa hökümetiniň we Bütindünýä bankynyň bilelikdäki maksatnamasy bolup durýar.

Saýt: www.cepf.net