MAKSATNAMA BARADA

Höweslendirmeleriň maksatnamasy Merkezi-Aziýa sebidinde bioköpdürliligi saklamaklyga gönükdirilen. Maksatnama WWF sazlaşygy bilen amala aşyrylýar we Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär (CEPF). Gazna ösýän ýurtlarda we geçilýän ykdysadyýetli ýurtlarda bioköpdürliligiň ojaklaryny – dünýäniň biologiki baý ekoulgamlaryny goramak ugrunda Raýdaşlyk jemgyýetiniň  mümkinçiliklerini giňeltmek üçin 2000-nji ýylda esaslandyryldy.

Merkezi-Aziýanyň dag sebitlerinde bioköpdürliligiň ojagy Aziýanyň iki iri dag gerişleri – Pamir we Týan-Şan bilen döredildi we ýedi ýurduň: Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň takmynan ähli çäginiň, günorta-gündogar Gazagystanyň, gündogar Özbegistanyň, günbatar Hytaýyň, demirgazyk-gündogar Owganystanyň we günorta-gündogar Türkmenistanyň uly bolmadyk dag böleginiň çäginde ýerleşýär.

Bölünen çäkde ösümlikleriň, guşlaryň, süýrenjileriň, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň we süýji suw balyklarynyň endemiki görnüşleriniň baý köpdürliligi bar.

Bioköpdürliligiň esasy çäklerini saklamagyň hyzmatdaşlyk gaznasynyň tejribesi, munuň ýaly höweslendirme maksatnamalarynyň taslama sebidinde bioköpdürliligiň esasy çäkleriniň saklanylmagyny üpjün etmäge, şeýle hem uzak möhletli esasda Raýdaşlyk jemgyýetiniň ösüşine düýpli täsiri ýetirmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi.

CEPF saýtynda interaktiw sudur

Ecosystem profile

Bioköpdürliligiň ojaklary (rus)

CEPF-de salgylanma

 

WWF: Maksatnamanyň guramaçysy

цца

Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy (WWF) – 5 milliona golaý hemişelik tarapdarlary birleşdirýän we 100 gowrak ýurtlarda işleýän iri garaşsyz halkara tebigaty goraýyş guramalaryň biri. WWF wezipesi – älemiň tebigy gurşawynyň ýokarlanýan ýaramazlaşmasynyň öňüni almak we adamyň hem-de tebigatyň sazlaşygyny gazanmak. Esasy maksat – Ýeriň biologiki köpdürliligini saklamak.

Biziň dünýä býujetimiziň ýarysyndan gowragy biziň WWF tarapdarlary diýip atlandyrýan şahsy taraplaryň bagyş etmelerinden durýar. WWF tarapdarlary ýyl-ýyldan has köpelýär we biz her birini bu päk we hakykatdan hem wajyp işe – tebigaty saklamaga ýardam bermeklige goşulmaga çagyrýarys. (jikme-jik)

 

 

RJÖA: Hyzmatdaş

фкпщ
Raýdaşlyk jemgyýetiniň Ösüş Assosiasiýasy “RJÖA” – bu, Gazagystanda jemgyýetçilik guramalaryna we bileleşiklere hyzmatlary ýerine ýetirýän Raýdaşlyk jemgyýet guramalaryny (RJG) birleşdirýän milli assosiasiýasy. RJÖA ýurduň ähli çägi boýunça RJG serişde merkezlerini birleşdirmek bilen, 2004-nji ýylda resmi taýdan bellige alyndy. Onuň her bir gatnaşyjysynyň hususy YÖB tory bar, şeýlelik bilen, RJÖA resmi agzalary Gazagystanda 80% köp YÖB elýeterliligi alýarlar. 10 ýylyň dowamynda RJÖA Gazagystanda Raýdaşlyk jemgyýetleriniň  ösüşi bilen meşgullanýar, soňky ýyllarda bolsa, onuň iş çygry tutuş Merkezi Aziýa, GDA we Günorta aziýa çenli giňeldildi. (jikme-jik)

 

 

CEPF: Maksatnamany maliýeleşdirmek

суза
Bioköpdürliligiň Esasy Çäklerini Saklamagyň Hyzmatdaşlyk Gaznasy. Biologiki köpdürlilik – Ýerde ýaşaýyş görnüşleriniň baý toplumy – adamyň ýaşamagy üçin esas bolup durýar, muňa garamazdan uly we ýokarlanýan howp astynda durýar. Bioköpdürliligiň Esasy Çäklerini Saklamagyň Hyzmatdaşlyk Gaznasy (CEPF) biologiki serişdelerine has baý, muňa garamazdan howp astynda bolan Ýeriň ýerüsti ekoulgamy bolup durýan dünýä bioköpdürliliginiň gyzgyn nokatlaryny goramak boýunça ösýän ýurtlarda we geçilýän ykdysadyýetli ýurtlarda Raýdaşlyk jemgyýetleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly bu meseläni çözmek üçin 2000-nji ýylda esaslandyryldy. (jikme-jik)