RAÝDAŞLYK JEMGYÝETINIŇ ÖSÜŞ ASSOSIASIÝASY (RJÖA)

argoRaýdaşlyk Jemgyýetiniň Ösüş Assosiasiýasy “RJÖA” – bu, Gazagystanda jemgyýetçilik guramalaryna we bileleşiklere hyzmatlary ýerine ýetirýän Raýdaşlyk jemgyýet guramalaryny (RJG) birleşdirýän milli assosiasiýasy. RJÖA ýurduň ähli çägi boýunça RJG serişde merkezlerini birleşdirmek bilen, 2004-nji ýylda resmi taýdan bellige alyndy. Onuň her bir gatnaşyjysynyň hususy YÖB tory bar, şeýlelik bilen, RJÖA resmi agzalary Gazagystanda 80% köp YÖB elýeterliligi alýarlar. 10 ýylyň dowamynda RJÖA Gazagystanda Raýdaşlyk jemgyýetleriniň ösüşi bilen meşgullanýar, soňky ýyllarda bolsa, onuň iş çygry tutuş Merkezi Aziýa, GDA we Günorta aziýa çenli giňeldildi.

Wezipesi

RJÖA – bu, durmuş-ykdysady ösüşiň milli, sebitleýin we halkara maksatnamalaryny meýilleşdirmek we dolandyrmak bilen ussat meşgullanýan täjirçilik däl guramasy. Merkezi Aziýanyň, GDA we Günorta Aziýanyň ýurtlary RJÖA üçin ileri tutulýan sebitler bolup durýar.

RJÖA Raýdaşlyk jemgyýetini ösdürmegiň innowasion usullaryny ulanýar. Assosiasiýa tarapyndan Gazagystanyň sebitlerinde, Merkezi Aziýa we GDA ýurtlarynda institusional ösüş boýunça 30000 gowrak hyzmatlar, şol sanda treningler, maslahatlar, “tegelek stollar”, yzygiderli gözegçilikler, baha berişler, serişde merkezleriniň hyzmatlary amala aşyryldy.

Gazagystan Respublikasynda ilkinji gezek RJÖA “YÖB we döwlet: netijeli hyzmatdaşlyk okuwy bilen” Milli Nutugy taýýarlady.

RJÖA we Assosiasiýanyň agzalary açyk gatnaşyklar, özara hereketler we aýdyňlyk üçin döwlet gurluşlary bilen gatnaşyklary gurmak üçin köp tagallalary etdi. RJÖA häkimýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylary üçin raýat jemagatlary bilen işlemek babatynda okuw geçirdi.

RJÖA iri kompaniýalara durmuş ugrukdyrmasynyň taslamalaryny we maksatnamalaryny meýilleşdirmekde we amala aşyrmakda ýardam bermek bilen, işewürlik bilen üstünlikli özara işleri alyp barýar.

RJÖA ähli derejelerde Gazagystanyň döwlet häkimýet edaralary, şeýle hem Gazagystanda işleýän halkara we daşary ýurt guramalary tarapyndan ykrar edilmegi onuň üstünlikli işiniň netijesi boldy. RJÖA GR Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Maslahat beriş-geňeş edarasynyň agzasy, şeýle hem GR Hökümetiniň we Parlamentiniň ýanyndaky işçi toparlaryň we jemgyýetçilik geňeşleriniň we beýleki döwlet edaralarynyň agzasy bolup durýar. RJÖA liderleriniň döwlet we pudaklaýyn baýraklary bilen bellenilmegi hem Assosiasiýanyň işiniň ykrar edilmegi bolup durýar.

RJÖA Gazagystanda ilkinji gezek “Durmuş kärhanalarynyň ösüşi” atly 25 pilot taslamalaryny ýerine ýetirdi. RJÖA Raýdaşlyk jemgyýet ösüşi çygrynda barlag, bilermenlik we analitiki işi geçirýär. RJÖA Gazagystan Respublikasynda ilkinji gezek “YÖB we döwlet: netijeli hyzmatdaşlyk okuwy bilen” Milli Nutugy taýýarlady.

Saýt: argonet.org